28-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň departament başlyklarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Umumy parahatçylygy we durnuklylygy ilerletmek meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň meňzeşligi bellenildi. Taraplar abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny nygtadylar.
Diplomatlar ulag durnuklylygy we energetika, şeýle-de ekologik howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine jikme-jik seretdiler. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulagyň onýyllygynyň (2026-2035-nji ýyllar) çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini bellediler we ýola goýup boljak bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda türkmen tarapy umumy ekologik howpsuzlygy goldamak boýunça başlangyçlar we anyk hereketler barada gürrüň berdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň görkezijileriniň uly möçberleri görkezmeýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýokary tehnologiýalar, oba we suw hojalygy, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Iki döwletiň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi. Geňeşmeleriň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ugurlaryna hem orun berildi. Şeýle-de onlaýn-festiwalary, wirtual sergileri, Medeniýet günlerini geçirmek arkaly medeni gatnaşyklary ösdürmek, muzeýleriň we kitaphanalaryň arasyndaky, şeýle-de ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar syýasy gepleşigi, köptaraplaýyn diplomatiýany, söwda we medeni gatnaşyklary ilerletmegiň üstünde bilelikde işleşmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
