Türkmenistan we BMG 2030-njy ýyla çenli hyzmatdaşlygyň täze Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişýär

MilliInfo

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG bilen hyzmatdaşlygyň aşakdaky ugurlaryna aýratyn üns berdi.

Diplomatlar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň netijelerini jemlemek işini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Ýolbaşçy komitetiň işiniň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak bilen baglanyşykly meselelere seretdiler.

Duşuşykda türkmen tarapynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, düzüm birlikleriniň we maksatnamalarynyň Türkmenistandaky edaralaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Mundan başga-da, taraplar BMG-niň Türkmenistandaky maksatnamalaýyn taslama işleriniň gidişine seredip geçdiler. Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde häzirki wagtda ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede onlarça taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Türkmenistan daşary işler ministri we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy FAO bilen bilelikdäki maslahaty, ýaş diplomatlar üçin okuwlary hem-de beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek we olary geçirmek barada pikir alyşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info