Geçen hepdede Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň senatory Sergeý Karýakin we şol federasiýanyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin bilen işçi duşuşyklary geçirildi.
Taraplar küştüň ösdürilmegi ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, bilelikdäki ýaryşlary, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmäge hem-de tälimçileriň we türgenleriň arasynda tejribe alyşmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekdiler.
Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubynyň açylmagy baradaky meselä aýratyn üns berildi. Ýaş zehinleri taýýarlamak, ussatlyk sapaklaryny we halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin meýdança öwrüljek bu kluby işe girizmegiň guramaçylyk meselelerini işläp düzmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Şeýle hem özara gatnaşyklaryň beýleki ugurlary — çagalar we ýaşlar üçin maksatnamalary ösdürmek, onlaýn-okadyş işleri hem-de türkmen küştçüleriniň Russiýa Federasiýasynyň çäginde geçirilýän «Asian Chess League» tapgyrynyň ýaryşlaryna we beýleki bäsleşiklere gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäklerinde taraplar Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan «Russiýanyň küşt täji» atly halkara festiwalynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdylar. Bu ýaryşa 20 sany daşary ýurt wekilýeti, şol sanda Türkmenistanyň küştçüleri hem gatnaşdy.
Sergeý Karýakin we Albert Minnullin Türkmenistanyň festiwalyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň arasynda iň köp wekilçilik edilen ýurt bolandygyny bellediler. Olar ilkinji gezek geçirilen bu ýaryşa beren uly goldawy we işjeň gatnaşandygy üçin ýurduň ýolbaşçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdiler.
Häzirki wagtda Sergeý Karýakiniň küşt klublary Astana, Bişkek, Duşenbe şäherlerinde, şeýle hem Wengriýa, Hindistan, Tailand, Çili ýaly dünýäniň onlarça ýurtlarynda üstünlikli işleýärler. Ýakyn wagtda halkara klublar ulgamyny has-da giňeltmek, şol sanda Aşgabatda hem wekilhana açmak meýilleşdirilýär.
Sergeý Karýakin — halkara grossmeýster, Russiýanyň at gazanan sport ussady, dünýä Kubogynyň eýesi, rapid we blis boýunça dünýä çempiony, dünýäniň küşt täji ugrundaky bäsleşigiň dalaşgäri. Ol sport karýerasyndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň senatory we Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti hökmünde işjeň jemgyýetçilik we döwlet işlerini alyp barýar, küştüň meşhurlygyny artdyrmak we ýaş türgenleri goldamak baradaky başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýär.