Paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý duşuşygy geçirildi.
Çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tunýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň çäginde guraldy.
Gepleşiklere türkmen tarapyndan ýurduň oba hojalyk toplumynyň degişli edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hytaý tarapyna bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylary, Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň alymlary, şeýle hem oba hojalyk maşyn gurluşygy, tohumçylyk we agrotehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy hytaý kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.
Gepleşikleriň barşynda taraplar oba hojalyk toplumynyň innowasiýalary we sanlylaşdyrylmagy, gowaça we çig maly gaýtadan işlemek, tohumçylyk, şeýle-de ekologiýa hem suw tygşytlylygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hytaýyň işewürler toparynyň wekilleri türkmen bazarynda bilelikdäki maýa goýum we tehnologiki taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny hem-de enjamlaryny getirmäge uly gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge we iki ýurduň hünärmenleriniň hem-de oba hojalyk pudagynyň bilermenleriniň yzygiderli özara saparlaryny dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
***
Gepleşikleriň dowamy hökmünde şol gün hytaý wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar geçirilen pudaklaýyn geňeşmeleriň netijelerini jemlediler we oba hojalyk toplumy hem-de tehniki hyzmat ulgamynda sebitara hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejä çykarmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
