Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri geçirildi

MilliInfo

21 Awgust, 2026

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri geçirildi

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy babatda pikir alşyldy.

Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň guralyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn ünsi çekdiler. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info