Türkmenistan we «Toyo Engineering» nebitgaz hem himiýa senagatynda täze taslamalary amala aşyrmagy maksat edinýär

MilliInfo
Türkmenistan we «Toyo Engineering» nebitgaz hem himiýa senagatynda täze taslamalary amala aşyrmagy maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

 Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Türkmenistanda gazanylýan üstünliklere örän buýsanýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň şanly senesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi. Şeýle-de ol döwlet Baştutanymyzdan Milli Liderimize doglan güni mynasybetli iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz işewüri mübärekläp, onuň ýurdumyza amala aşyrýan şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen «Toyo Engineering» kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalary Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Ýurdumyz bilen «Toyo» kompaniýasynyň arasynda nebitgaz, himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Onuň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri, işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertleri göz öňünde tutup, geljekde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de ýurdumyzyň «Toyo Engineering» kompaniýasynyň nebitgaz, himiýa senagaty boýunça tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info