Pusanda (Koreýa Respublikasy) geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 48-nji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustamowa bilen Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Mustafa Ýurdakulyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen wekili türki kärdeşini 2027-nji ýylyň 27-nji iýuny — 7-nji iýuly aralygynda Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýän Bütindünýä miras komitetiniň 49-njy sessiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy bilen gutlady we oňa bu jogapkärli işde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝUNESKO-nyň degişli Konwensiýasynyň çäginde medeni we tebigy mirasy gorap saklamak hem-de wagyz etmek ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapy geljekki Stambul sessiýasyna taýýarlyk görmegň barşynda türk kärdeşlerine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistan Bütindünýä mirasy gorap saklamak baradaky Konwensiýanyň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny we ÝUNESKO bilen ähli esasy ugurlar boýunça köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meýlini tassyklady.
