Birleşen Patyşalyga amala aşyrylan saparyň maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Uilýams bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda Ylalaşyk baglaşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapy Timoti Uilýamsyň Türkmenistanyň arheologik mirasyny, aýratyn-da, gadymy Merwi öwrenmek we gorap saklamak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda goşan goşandyny aýratyn nygtady.
Bilelikdäki ylmy barlaglaryň ähmiýeti hem-de muzeý-sergi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyplygy bellenildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen UCL-niň Arheologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmäge, bilelikdäki ekspedisiýalary guramaga, ylmy barlaglary ösdürmäge hem-de hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Ylalaşyga gol çekildi.