Türkmenistan we Özbegistan agrar ulgamda akademiki alyş-çalyşy giňeldýär

MilliInfo
Türkmenistan we Özbegistan agrar ulgamda akademiki alyş-çalyşy giňeldýär

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti  bilen «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýalarynyň inženerleri instituty» Milli ylmy-barlag uniwersitetiniň arasyndaky akademiki alyş-çalyş maksatnamasy täze derejä çykaryldy. Ikitaraplaýyn ylalaşygyň çäklerinde türkmenistanly talyplaryň Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine okuw-amaly sapary guraldy.

Maksatnama laýyklykda, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary şu ýylyň 22-nji iýunyndan 4-nji iýuly aralygynda özbegistanly kärdeşleriniň binýadynda önümçilik tejribeligini geçip, hünär ukyplaryny kämilleşdirýärler. Iki hepdelik hünär okuwynyň çäklerinde ýaşlar üçin döwrebap agrar hem-de suw hojalyk innowasiýalaryny gurşaýan baý mazmunly okuw-amaly maksatnamasy, şeýle-de medeni çäreler taýýarlanyldy.

Türkmenistandan baran talyp ýaşlar özbek uniwersitetiniň öňdebaryjy professor-mugallymlarynyň aktual temalar boýunça umumy sapaklaryna uly gyzyklanma bilen gatnaşýarlar. Okuwlarda global howanyň üýtgemeginiň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyna ýetirýän täsirleri, FAO-nyň ýörite usullary arkaly ekinleri suwarmagyň düzgünlerini hasaplamak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, geoinformasiýa ulgamlary (GIS) we ýerleri uzak aralykdan zondlamagyň innowasion usullary ýaly döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem talyplar institutyň häzirki zaman barlaghanalarynda ylmy-amaly barlaglar bilen meşgullanýarlar. Olar oba hojalyk tehnikalaryna oturdylýan döwrebap GPS ulgamlarynyň işjeňligini barlamak, gorag materiallarynyň ýylylyk geçirijilik ukybyny ölçemek we dürli toprak ýerleriniň fiziki-mehaniki aýratynlyklaryny anyklamak boýunça barlaghana işlerini özbaşdak ýerine ýetirýärler.

Ýaşlaryň alan nazary bilimlerini önümçilik amalyýeti bilen utgaşdyrmak maksady bilen, Özbegistanyň agrosenagat we suw hojalygy ugurly iň öňdebaryjy kärhanalaryna okuw gezelençleri meýilleşdirildi. Saparyň dowamynda talyplar «UzGIP» taslama institutynyň, «AGROMAX TEXNIC» kompaniýasynyň, «Suw hojalygy hünärmenleriniň mekdebiniň» hem-de Oba hojalyk tehnikalaryny we tehnologiýalaryny synagdan geçirmek we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet merkeziniň iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Guralýan hünär okuwlaryndan daşary, türkmen ýaşlary üçin Daşkent şäheriniň gözel taryhy ýerlerine, medeni künjeklerinişe we muzeýlerine gyzykly gezelençler guraldy. Bu halkara akademiki alyş-çalyş maksatnamasy iki goňşy ýurduň ylmy-bilim gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak bilen bir hatarda, geljekde sebitiň agrosenagat pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri kemala getirmäge uly goşant bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info