Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň doganlyk halklaryny ýetip gelen Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
«Doganym hormatly Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagynyň dört ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy we türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goşandyny aýratyn belledi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurtlarymyzyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bir hatarda, ynsanperwer gatnaşyklary hem giňeldýändiklerini nygtady.
«Şeýle baýramlary bilelikde bellemek bilen, biz türkmen hem-de özbek halklarynyň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrýarys, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berýäris» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmagyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şunda ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolup, netijeliligi bilen tapawutlanýandygy aýdyldy.
«Şu ýyl hem biz ony dowam etdirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça dialog üçin täze duşuşyklary meýilleşdirýäris» diýip, Milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistanda şu ýylyň güýzünde möhüm sammitleriň — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini belledi.
Bu sammitlerde derwaýys meseleleriň giň toplumy boýunça içgin pikir alyşmak meýilleşdirilýär. Hormatly Arkadagymyz iki sammitiň hem çäklerinde iri medeni-ynsanperwer çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewi ýokary düzümli wekiliýete ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine geçip, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň netijeli işini kanagatlanma bilen bellediler. Ykdysady hyzmatdaşlykda energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklar strategik ugurlaryň hatarynda görkezildi. Syýasy-diplomatik dialogda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler esasy gural bolup çykyş edýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgam aýratyn orny eýeleýär. Söhbetdeşler ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny aýdyp, medeni alyşmalary, özara Medeniýet günlerini, bilelikdäki sungat festiwallaryny, beýleki medeni çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmäge iki ýurduň hem taýýardygyny tassykladylar.