Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamynda amaly hyzmatdaşlygy giňeldýär

MilliInfo

5 sagat öň

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri, bilimiň hilini üpjün etmek ulgamyndaky guramalar we halkara bilim kompaniýalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklara türkmen tarapyndan Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekillik etdi.

Günüň maksatnamasy dünýäniň iň iri medeni-ylmy merkezleriniň biri bolan Britan muzeýine (British Museum) baryp görmek bilen başlandy. Bu bolsa bilim hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer ölçeginiň we akademiki däpleriň taryhy dowamatlygynyň ähmiýetini tassyklaýar.

Saparyň dowamynda London uniwersitet kollejiniň (Bilim instituty — IOE), Kembrij uniwersitetiniň, «Oxford EMI-niñ», «Pearson» guramasynyň, Ýokary bilimde hil kepilligi agentliginiň (QAA) wekilleri, şeýle hem halkara mekdepler we ählumumy bilim hyzmatdaşlygy ulgamyndaky bilmenler bilen gepleşikler geçirildi.

Ýokary bilimi ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak

«University College London» atly bilim ojagynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda subutnamalara esaslanýan syýasat ýörelgeleri esasynda bilim ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, strategik meýilleşdirmegiň seljeriş gurallaryny ösdürmek we ýokary derejeli dolandyryş hünärmenlerini taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim özgertmeleriniň netijeliligine baha bermegiň mehanizmlerini kemala getirmäge we okuw maksatnamalaryny zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Mekdep bilimi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Kembrijiň wekilleri bilen geçirilen iş duşuşygyň çäklerinde britan nusgasyndaky öňdebaryjy halkara mekdep üçin usulyýet goldawyny bermek we hil kepilliginiň proses ulgamyny gurmak meselelerine jikme-jik seredildi. Mejbury we saýlama komponentleriň deňagramlylygyny, okuw ýüküniň paýlanylyşyny, ders ugurlarynyň logikasyny we garaşylýan okuw netijelerini göz öňünde tutmak bilen, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny düzmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Sapaklaryň meýilleşdirilmegi, döwrebap bilim çemeleşmeleriniň ulanylmagy, kemala getiriji we jemleýji bahalandyrmany hem-de akademiki ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerilmegini öz içine alýan okatmagyň usulyýetiniň ölçegleri boýunça gepleşikler bolsa munuň üstüni ýetirdi. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda hünär derejesine bildirilýän talaplary, hünär ýokarlandyryşy, halypaçylygy, usulyýet birleşmelerini, sapaklara yzygiderli gatnaşylmagyny we professional gaýtarylyp berilmek aragatnaşygyny öz içine alýan mugallymlary taýýarlamagyň we goldamagyň modeli ýaly ugurlar bar. Galyberse-de, bu ýerde bahalandyrmagyň aýdyň derejeleri we giriş synaglaryny guramagyň tertibi, şeýle hem öz-özüňe baha bermek yzygiderliligi, akademiki hasabatlylygy, okuwçylaryň ýetişiginiň we ösüşiniň maglumatlaryny seljermegi, garaşsyz bahalandyrmany hem-de alnan netijeleri bilim çözgütlerini we dolandyryş proseslerini düzetmek üçün ulanmagy öz içine alýan hiliň içerki we daşarky gözegçilik gurallary maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygyň bellenen ugurlaryny mundan beýläk-de jikme-jik işläp düzmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Iňlis dilinde okatmagy ösdürmek

«Oxford EMI» bilen geçirilen duşuşykda «English-Medium Instruction» (iňlis dilinde okatmak) modeli boýunça mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Barlag hökmündäki taslamasyny durmuşa geçirmek, soňra bolsa onuň netijelerine baha bermek we ölçäp bolýan netijelilik görkezijilerine ýetilen ýagdaýynda taslamanyň gerimini giňeltmek mümkinçiliklerine seredildi.

Halkara sertifikatlaşdyryş we synag infrastrukturasy

«Pearson» guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen gepleşikler Türkmenistanda döwrebap halkara sertifikatlaşdyryş ulgamyny ösdürmäge we synag merkezlerini döretmäge bagyşlandy. «Certiport» we «Pearson VUE» ugurlaryny ýola goýmak meseleleri, şeýle hem mekdep ulgamynda britan hünär derejelerini ornaşdyrmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Taraplar tehniki talaplary we durmuşa geçirmegiň möhletlerini görkezmek bilen anyk teklipleri taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Halkara akkreditasiýa we hil medeniýeti

«QAA-nyň» wekilleri bilen «ESG» standartlary we olaryň milli ýagdaýlara uýgunlaşdyrylmagy, akkreditasiýa işleriniň yzygiderliligi, resminamalara, subutnama binýadyna we bilim maksatnamalaryna gözegçilik ulgamyna bildirilýän talaplar, şeýle hem okuw netijelerine baha bermegiň we akademiki dolandyryşyň ýollary barada anyk söhbetdeşlik boldy. Uniwersitetleriň ýolbaşçylary we işgärleri üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrmak maksatnamalaryny, şol sanda birnäçe mowzuklaýyn webinarlary we akkreditasiýa taýýarlyk tapgyrynda maslahat beriş goldawyny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň amaly tapgyryna geçmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Bu bolsa «QAA» tarapyndan ýazmaça teklibiň taýýarlanmagyny, tanyşdyryş onlaýn-sessiyasynyň geçirilmegini we geljekki işleri utgaşdyrmagyň bilelikdäki mehanizminiň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Wellington halkara mekdepleriniň modelini öwrenmek (International Schools Track)

Halkara mekdepler we ählumumy hyzmatdaşlyk boýunça bilermen Mark Labowiç bilen geçirilen aýratyn duşuşykda britan görnüşli halkara mekdepleriniň işlemeginiň döwrebap modelleri, şol sanda dolandyryş binýady, akademiki standartlar we durnukly hili üpjün etmegiň mehanizmleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Esasy üns usulyýet we institusional taraplara: mekdebi dolandyrmagyň gurluşyna, akademiki we dolandyryş jogapkärçiliginiň paýlanyşyna, halkara bilim brendi bilen özara täsir etmegiň modeline we hiliň uzak möhletleýin goldanylmagynyň ýörelgelerine gönükdirildi.

Şeýle hem akademiki syýasatyň ölçegerine, şol sanda bilim wezipesiniň kemala getirilmegine, okuw maksatnamalaryny bildirilýän talaplara, okuwçylaryň gazananlaryny bahalandyrmak ulgamyna, içerki gözegçilik we halkara standartlara laýyklygyň yzygiderli daşarky barlag mehanizmlerine, şeýle hem mugallymlary saýlap almak, hünär synagyndan geçirmek we hünär taýdan ösdürmek ýollaryny hem-de durnukly bilim netijelerini üpjün etmekde akademiki liderligiň ornuna seredildi.

Iş sapary Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösýändigini we onuň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň uzak möhletleýin strategiýasynyň çäklerinde anyk netijelere ýetmäge gönükdirilendigini tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info