Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýene-de bir möhüm sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrýan täze — 2026-njy ýyly uly ruhubelentlikde, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Täze ýyl mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy.
Aşgabat şäheri has-da gözel görnüşe girip, kalbyňy joşdurýan aýratyn öwüşginler bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny bir ýere jemlän, Täze ýyl baýramynyň esasy dabaralarynyň geçirilýän ýeri bolan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançalaryň bezegi hemmeleriň göwnüni galkyndyrýar.
Täze ýyl biziň her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlardyr täze maksatlary bir ýere jemleýän baýramçylykdyr. Bu gün paýtagtymyzyň «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ertekiler şäherjigini Täze ýyl baýramynyň şowhuny gurşap aldy. Meýdançanyň köpöwüşginli bezegi, bu ýerde ýaňlanan aýdymdyr sazlar onuň şowhunyny has-da artdyrýar.
Meşhur aýdymçylar Watanymyzyň täze taryhy eýýamyny wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Ähli çykyşlar ajaýyp horeografik kompozisiýalar bilen utgaşdyryldy. Munuň özi baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Alypbaryjylar bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärler.
Aşgabatdaky Täze ýyl dabarasyna teleköpri arkaly ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem goşulýarlar. Paýtagtymyzy bäş welaýatyň edara ediş merkezleri hem-de Arkadag şäheri bilen baglanyşdyrýan monitorlar arkaly hormatly ýaşulular, häkimler, sebitleriň ýaşaýjylary, ýaş türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyzy we Milli Liderimizi, ähli halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlaýarlar. Ajaýyp aýdymlar, tanslar ýerine ýetirilýär.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ildeşlerimize Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär. Ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. Biziň täze günümiz, röwşen geljegimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Şu dabaraly pursatda meýdançada ýygnananlaryň hemmesini, ähli türkmenistanlylary Garaşsyz Watanymyza, ýurdumyzyň häzirki gününe we geljegine bolan uly buýsanç duýgusy gurşap alýar. Sanlyja pursatdan sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra baýramçylyk feýerwerki asmany bezedi. Täze — 2026-njy ýyl baýramçylyk şüweleňiniň ajaýyp pursatlary bilen durmuşymyza gadam basdy. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Watanymyzy ösüşleriň täze sepgitlerine ýetirsin! Täze ýylda ähli ýagşy arzuwlar hasyl bolup, hemmelere parahat we asuda durmuşyň eşreti, ertirki güne ynam hem-de rowaçlyk ýaran bolsun!
