Türkmenistan — Kanada: KHBS-iň çygrynda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

MilliInfo

Türkmen telewideniýesiniň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika boýunça hereket edýän kafedralarynyň mugallymlary  Kanadanyň Toronto şäherinde boldular. Ol bu ýerde emeli aň, döredijilik hem-de innowasiýa ugurlary boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen geçirilen duşuşyklara, şeýle hem Kanadanyň milli teleradio korporasiýasynyň (CBC) ýolbaşçylary bilen guralan duşuşyga gatnaşdylar.

Geçirilen gepleşikleriň çäklerinde žurnalistika, metbugat, aragatnaşyk, dolandyryş we emeli aň ugurlary boýunça okatmagyň döwrebap usullary, aýratynlyklary, sanly maglumatlaryň ulanylyşy hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo