«Türkmenistan» kinokonsert merkezi meşhur kinofilmlere tomaşa etmäge çagyrýar

MilliInfo

14 Noýabr, 2026

«Türkmenistan» kinokonsert merkezi meşhur kinofilmlere tomaşa etmäge çagyrýar

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ildeşlerimizi hepdäniň ahyrky günlerinde görkeziljek filmlere hem-de kinofilmlere tomaşa etmäge çagyrýar. Şenbe hem-de ýekşenbe günleri kinokonsert zalynda dürli ýaşdaky tomaşaçylar üçin başdan geçirmelere, täsin wakalara we çuň duýgulara baý filmleri görmäge ajaýyp mümkinçilik dörediler.

2026-njy ýylyň 14-nji noýabrynda tomaşaçylara çagalar we bütin maşgala üçin niýetlenen filmler hödürlener:

  • 15:00 — «Luka» («Лука»);

  • 17:00 — «Ruh» («Душа»);

  • 19:00 — «Kokonyň syry» («Тайна Коко») atly animasion filmler görkeziler.

15-nji noýabrda kino söýüjiler üçin dürli žanrlardaky filmleriň görkezilişi meýilleşdirildi:

  • 15:00 — «Apokalipsis Z: Täze dünýä» («Апокалипсис Z: Новый мир»);

  • 17:00 — «Ýamanlygyň mesgeni» («Обитель зла»);

  • 19:00 — «Ýyrtyjynyň ýüregi» («Сердце зверя») atly filmleri görüp bolar.

Goşmaça maglumatlar üçin: 49-26-58 / (+993 62) 00-31-21.

«Türkmenistan» kinokonsert merkezi size garaşýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info