Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Hytaý Taýpeýini ynamly ýeňmegi başardy — 3:1

MilliInfo

3 sagat öň

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama böleginiň ýurdumyzda geçirilen 5-nji duşuşygynda Hytaý Taýpeýini 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «D» toparçanyň duşuşygy şu gün — 18-nji noýabrda «Arkadag» stadionynda geçirildi.  

Röwşen Meredowyň topary oýna işjeň başlady we Rahman Myratberdiýewiň dürs urgusy esasynda eýýäm 13-nji minutda öňe saýlandy. Birinji ýarymyň ahyrynda — 45+2-nji minutda bolsa myhmanlardan Ange Samuel hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi.

Ikinji ýarymda türkmen ýygyndysy ýene-de oýny eline aldy. 53-nji minutda Elman Tagaýew ýer eýelerini — Türkmenistanyň milli ýygyndysyny öňe çykardy. Oýnuň hasabynyň soňky nokadyny bolsa 79-njy minutda Meýlis Diniýew tarapyndan geçirilen gol goýdy — 3:1.

Toparçanyň parallel duşuşygynda Tailandyň ýygyndy topary myhmançylykda Şri-lankany uly hasap bilen ýçeňmegi başardy — 4:0.

5 tapgyrdan soň «D» toparçada her biri 12 utukdan topan Türkmenistanyň hem-de Tailandyň ýygyndy toparlary birinji orny paýlaşýarlar. 6 utugy bolan Şri-Lanka şondan soňky ýeri eýelese, Hytaý Taýpeýi hiç bir ballsyz ahyrky orunda barýar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň toparçadaky ahyrky duşuşygyny myhmançylykda Tailandyň ýygyndysynyň garşysyna geçirýändigini bellemek gerek. Oýun 2026-njy ýylyň 31-nji martynda guralar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo