Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň we onuň çägindäki ýöriteleşdirilen serginiň dabaraly açylyşy boldy. 150-den gowrak gatnaşyjynyň (eksponentiň) öz önümlerini hödürleýän bu giň gerimli çäresi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin binýatlaýyn platforma bolup durýar.
Çäre iki döwletiň ykdysady, tehnologik we ynsanperwer kuwwatyny görkezmäge, şeýle hem dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Sergi iki ýurduň senagat, agrosenagat toplumy, ulag ulgamy, logistika, maglumat tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalar ýaly ugurlarda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýär.
Esasy wezipesi döredijilikli söhbetdeşlik üçin meýdança döretmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat bolan işewürlik forumy öz işine resmi taýdan 29-njy aprelde başlar. Häzirki wagtda wekiller ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmäge üns berýärler. Forumyň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde durnukly ösüşi üpjün etmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, sanlylaşdyrmak prosesleri, ylmy-tehniki ösüş we ekologiýa howpsuzlygy ýaly meseleler durýar.
Gelejekki maslahatlaşmalaryň dowamynda hünärmenler we telekeçiler haryt dolanyşygyny artdyrmak, logistik zynjyrlary kämilleşdirmek, elektron söwdany ösdürmek we maýa goýum işjeňligini, şol sanda iri infrastruktura desgalaryny maliýeleşdirmek meselelerini seljererler. Ýewraziýa giňişliginde ulag integrasiýasy we halkara ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berler.
Forumyň maksatnamasy sanly ykdysadyýetiň aýratynlyklaryna jikme-jik seretmegi, bilelikdäki IT-taslamalary amala aşyrmagy, tehnologik täzelikleri ornaşdyrmagy, akademiki alyş-çalyşlary ösdürmegi we ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamagy hem öz içine alýar.
Meýilleşdirilen çäreleriň tertibi plenar mejlisleri, ýöriteleşdirilen tematiki sessiýalary, tegelek stol maslahatlary, ikitaraplaýyn gepleşikleri we resmi ylalaşyklara gol çekmek dabaralaryny öz içine alýar. Bu forum taraplaryň arasyndaky özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga, işewürlik gatnaşyklarynyň gerimini ep-esli giňeltmäge we uzak möhletleýin bilelikdäki meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat goýmaga niýetlenendir.
Tegelek stol maslahatlarynyň, tanyşdyryş dabaralarynyň, şeýle hem B2B we B2G formatyndaky duşuşyklaryň geçirilmegi netijeli aragatnaşygy, hünär tejribesini alyşmagy we hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny öňe sürmegi üpjün edip, işewürlik üçin täze mümkinçilikleri açar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, «China Overseas Development Association» we «Talwas Ýoly» ÝGPJ («Oguz Forum Exponyň» bölümi) forumyň we serginiň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.