Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD) Türkmenistanyň söwda we gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işini häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak esasynda işgärleri taýýarlamak bilen utgaşdyrýandygyny habar berýär.
«UNCTAD» Türkmenistanyň gümrük we serhet boýunça edaralary bilen amaly mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça işleýär. Bu babatda töwekgelçilige esaslanýan gözegçilikleri girizmek, harytlary bahalandyrmak, elektron resminamalara geçmek hem-de kagyzsyz resmileşdirmek we anyk iş görkezmelerini we hyzmat standartlaryny işläp düzmek ugurlaryny aýdyp bileris» — diýip, guramanyň habarynda bellenilýär.
Bu başlangyç serhetdäki pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny öňdebaryjy halkara tejribesine laýyk getirmegi maksat edinýär. Munuň özi söwda amallaryny çaltlandyrýar, aýdyňlygyny ýokarlandyrýar. Maksatnamanyň esasy elementi «ASYCUDA» ulgamy bolup, ol gümrik amallaryny awtomatlaşdyrmak üçin «UNCTAD» serhetara söwda dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, iş yzygiderliligini ýonekeýleşdirmäge, çykdajylary azaltmaga we aç-açanlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çözgütdir.
«2025 -nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda milli gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyryş başlangyjynyň üçünji tapgyryna geçdik. Şunda geljekde ulgamy özbaşdak dolandyryp we ösdürip biljek öňdebaryjy ASYCUDA çözgütlerini utgaşdyrdyk. Bu ýükleriň has çalt resmileşdirilmegini, çykdajylaryň azalmagyny we bazara gatnaşyjylar üçin aç-açanlygy ýokarlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde hem Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak üçin möhüm ähmiýete eýedir» — diýlip, çeşmäniň habarynda tassyklanylýar.

