Türkmenistan jemi içerki önüm boýunça GDA ýurtlarynyň öňdäki üçlüginde

MilliInfo

20 Awgust, 2025

2025-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasynda üçünji orny eýeleýändigi «МИР 24» tarapyndan habar berildi.

Habarda aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň görkezijisi 13,5 müň dollara golaýlaýar. Şeýle görkeziji Russiýa Federasiýasynda 14 260 dollar töweregi, bu ugurda öňdäki orny eýeleýän Gazagystanda bolsa 15 müň dollar çemesi boldy.

Energiýa serişdeleriniň çeşmelerinden netijeli peýdalanylmagy bilen bilelikde, infrastrukturanyň giňeldilmegi we logistikanyň ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysady taýdan gülläp ösüşine ýardam berýän möhüm ugurlaryň hataryndadyr. Maýa goýumlaryň çekilmegi we ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagy bolsa Türkmenistanyň geljegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo