Türkmen tennisçileri Şri-Lankanyň paýtagty Kolomboda 15 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň (Davis Cup) Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama tapgyrynyň ýarym finalyna çykdylar. Türkmen tennisçileri bu ajaýyp üstünligi çärýek finalda bäşinji topar hökmünde saýlanan Filippinleriň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňip gazandylar.
Bu türkmen tennisçileriniň «DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying» ýaryşyndaky dördünji ýeňşidir. Mundan ozal ildeşlerimiz yzygiderli ýagdaýda Omanyň (3:0), Mýanmanyň (2:1) we Singapuryň (2:1) toparlaryndan üstün çykyp, «B» toparçada birinji orny eýelediler.
Şunlukda, indi düzüminde jübütleýin tertipdäki bäsleşigiň jogapkärli oýunlarynda çykyş eden zehinli oýunçy Kerimgeldi Guldurdyýew bolan Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy ýaryşyň iň güýçli dört toparynyň arasyna goşuldy. Bu üstünlikde ýaşlaryň şahsy tälimçileriniň, şeýle hem deslapky saýlama tapgyrda toparymyzyň kapitanlygyny ýerine ýetirýän Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 31 ýaşly tälimçi-mugallymy Gurbanberdi Gurbanberdiýewiň uly hyzmaty bar.
Ýarym finalda türkmenistanly tennisçiler Wýetnamyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Wýetnamlylar birinji tapgyrda Nepalyň, Mongoliýanyň we Ýuwaş umman sebitiniň ýygyndylaryny birmeňzeş 3:0 hasaby bilen ýeňip, «D» toparynda öňe saýlandylar. Çärýek finalda bolsa Saud Arabystanynyň tennisçilerini 2:1 hasabynda utup, uly erjellik görkezdiler.
Ýatlap geçsek, ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy Halkara Tennis federasiýasy (ITF) tarapyndan 1985-nji ýylda 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasyndaky Dünýä kubogy hökmünde esaslandyryldy, 2002-nji ýylda bolsa häzirki adyna eýe boldy. Şunlukda, her ýyl döwletler sebitleýin saýlama ýaryşlaryna gatnaşýarlar, olaryň ýeňijileri bolsa final tapgyryna çykyp, çempionlyk ugrunda bäsleşýärler.