Türkmenistan — Oman: CAFA Milletler Kubogynda toparçadan çykyp, medallar ugrunda göreşjek ýygyndylar kesgitlener

MilliInfo

5 Sentýabr, 2025

Şu gün — 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy CAFA Milletler Kubogynyň «A» toparçasyndaky jemleýji duşuşygyny geçirer. Türkmen ýygyndysy Omanyň milli ýygyndysyna garşy ýaşyl meýdana çykar. Bu duşuşykda ýygyndylaryň ikisi-de diýseň möhüm bolan 3 utugy almaga synanyşar. 

CAFA Milletler Kubogy 2025-de milli ýygyndymyzyň çykyş edýän «A» toparçasynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklarynyň netijesinde Özbegistanyň we Omanyň milli ýygyndylarynda 4 utuk, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylarynda bolsa 1 utuk bar.

Şeýlelikde, toparçalaýyn tapgyryň soňky — şu günki duşuşygynda Türkmenistan Omany ýeňip, 3 utuk almagy başarsa, onda milli ýygyndymyz bürünç medal ugrunda «B» toparçada ikinji orny eýelen topar bilen duşuşmaga hukuk gazanar. 

CAFA Milletler kubogy – 2025-iň «A» toparçada iki duşuşyk geçiren ildeşlerimiz jemi iki gol geçirmegi başardylar. Milli ýygyndymyzyň gollaryna Wepa Jumaýew we Didar Durdyýew awtorlyk etdi. 

Bu günki duşuşyk Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň «Olimpiýa» stadionynda guralyp, sagat 17:00-da başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo