Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini ýollady

MilliInfo

17 sagat öň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.

Şol mejlisde hormatly Arkadagymyz doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara bu işleri guramak barada görkezmeleri berdi.

Kabul edilen çözgütden ugur alnyp, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri esasynda guraldy. Ynsanperwer maksatly çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde şeýle kömegiň iberilmegi ynsanperwerligiň belent nusgasyny alamatlandyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Bitarap Türkmenistan döwletara gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürýär. Ejir çeken ilata, aýratyn-da, çagalara goldaw bermek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer taglymlaryň dabaralandyrylmagyna ygrarlydygynyň hem güwäsidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo