Türkmenistan — Pakistan: Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

Düýn — 29-njy iýulda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynda şol ýurduň görnükli syýasatçysy we Diplomatik dostluk toparynyň başlygy Muhammed Ali Durrani bilen geçirilen duşuşykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ýörelgelerini, ýurduň söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiliklerini we halkara hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri açyp görkezýän prezentasiýa görkezildi.

Türkmen tarapy Pakistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdi. Taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki sergileri, işewür toparlaryň saparlaryny, maýa goýum forumlaryny guramak hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň beýleki ýollaryny durmuşa geçirmek ýaly teklipler öňe sürüldi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etmäge we özara bähbitlere esaslanýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info