Türkmenistan Pekiniň uniwersiteti bilen bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýär

MilliInfo

14 sagat öň

«Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahaty – 2025» atly forumyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Ýeri gelende bellesek, taraplaryň hyzmatdaşlygy bu ýokary okuw mekdep bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esaslanýar. Duşuşygyň çäginde akademiki alyş-çalşyklary, professional tejribelikleri, dil maksatnamalarynyň ösdürilmegini, şeýle hem bilelikdäki ylmy we medeni çäreleriň geçirilmegini öz içine alýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy hytaý dili mugallymlaryny taýýarlamakda tejribe alyşmagy, talyplaryň dil başarnyklaryny ýokarlandyrmagy, sanly okuw platformalaryna we emeli aň binýatly serişdelere goşulmagy, şeýle hem gysga möhletli tejribelikleri we tomusky okuwlary guramagy işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo