Osakada geçýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde türkmen haly syngatynyň hem-de milli lybaslarynyň görkezlişi guraldy

MilliInfo

2 Sentýabr, 2025

Ýaponiýada geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen haly sungaty we milli lybaslary görkezildi. Çäre 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda geçirildi.

Bu çäräniň baş maksady Türkmenistanyň baý medeni mirasyny, şol sanda nepisligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan haly sungatyny, milli lybaslaryny hem-de dokma senagatynyň gazananlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden ýetirmekden ybaratdyr.

Çäräniň myhmanlary türkmen halylarynyň gözelliginiň we milli nagyşlarynyň çuň many-mazmunynyň şaýady boldular. Türkmen milli lybaslarynyň görkezilşiniň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Moda öýi tarapyndan taýýarlanan häzirki zaman stilindäki egin-eşikler hem myhmanlaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy.

Şeýle hem, görkezlişiň dowamynda türkmen haly sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Onda myhmanlar dokma sungatynyň inçelikleri we nagyşlaryň many-mazmuny bilen tanyşdylar.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo