Türkmenistan Maýn boýundaky Frankfurtda geçirilen «Heimtextil 2026» sergisine gatnaşdy

MilliInfo

18 Ýanwar, 2026

13 — 16-njy ýanwar aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» halkara sergi merkezinde öý tekstili üçin dünýäniň iň ähmiýetli sergilerinden biri bolan «Heimtextil 2026» sergisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynda habar berildi. 

«Heimtextil» — öý, myhmanhana, ofis, söwda merkezleri we beýleki hususy hem döwlet desgalary üçin dokma çözgütlerini öndürýän, dizaýn, üpjün ediji we alyjylar üçin möhüm çäre bolup durýar. Şu ýyl sergä 65-den gowrak ýurtdan 3 müňden gowrak kompaniýa gatnaşdy. Olar giň möçberli önümleri — öý we bezeg tekstilinden başlap, myhmanhana we şertnama segmentleri üçin çözgütleri hödürlediler.

Türkmenistanyň milli pawilýonynda Dokma senagaty ministrligi milli öndürijileriň tebigy pagta esasynda öndürilen baý önümler toplumy bilen çykyş edip, dokma pudagynyň ýokary mümkinçiliklerini, döredijilikli çemeleşmeleri we häzirki ösüş tendensiýalaryny görkezdi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Dokma senagaty ministri Nurmuhammet Orazgeldiýew ýolbaşçylyk etdi we daşary ýurt hyzmatdaşlary, işewür toparlaryň wekilleri hem-de alyjylar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we eksport aragatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen onlarça gepleşikleri geçirdi. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde önümleri eksport etmek boýunça ylalaşyklara gelindi we türkmen dokma önümlerini daşary ýurtlara ibermek bilen bagly özara bähbitli ylalaşyklar gazanyldy.

«Heimtextil 2026» sergisine gatnaşmak türkmen önümçiligini halkara bazarlarynda tanatmak, işewür gatnaşyklary güýçlendirmek, tejribe alyşmak we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin täze mümkinçilik boldy. Dünýä senagat forumlarynda işjeň çykyş etmegi Türkmenistanyň global ykdysadyýete goşulmak, maýa goýumlary çekmek we ýeňil senagat pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda edýän tagallalarynyň subutnamasydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info