Golaýda, has takygy, 22 — 31-nji maý aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan beýik rus ýazyjysy A.P.Çehowyň döredijiligine bagyşlanan «Melihowo bahary» atly XXXI halkara teatr festiwaly geçirildi. Festiwala ýurdumyzdan A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary «Çehowyň degişmeleri» atly sahna oýny bilen gatnaşdy. Bu spektakl festiwalyň režissýorlyk üçin niýetlenen Kubogyna mynasyp boldy.
Sahna oýnunyň pýesasy belli rus ýazyjysynyň ýaşlaryň watanperwerlik, adamçylyk terbiýesine täsir edýän inçe psihologik oýlanmalaryna ulaşýan degişmelerini özünde jemleýär. Başdan-aýak janly saz bilen bezelen sahna oýnunyň bezegindäki çeperçilik çözgütleri ynsanyň ýaşaýşa söýgüsini joşdurýar, maşgala mukaddesliklerini dabaralandyrýar. Ýaş režissýor Baýram Garajaýewiň sahnalaşdyran eserinde baş keşplerde Atageldi Güseýnow, Alina Andronowa çykyş edýärler.
— Halkara teatr festiwaly Podmoskowýäniň Çehow şäherinde geçirildi. Bu ýerler beýik rus ýazyjysy Anton Çehowyň ýaşan, işlän ýerleri hökmünde belli. Bize ussadyň öý muzeýinde bolmak hem miýesser etdi. Bu ýerde ýazyjynyň ömrüne we döredijiligine degişli gymmatlyklar bilen tanyşdyk. Şolaryň biri — nepis türkmen halysy bizde uly täsir galdyrdy. Milli baýlygymyz bolan türkmen halysy gözümize juda yssy göründi. Halynyň bu muzeýe sowgat berilmegi türkmen-rus dostlugyndan nyşandyr.
Halkara festiwalda 10-dan gowrak döwletden gatnaşan döredijilik toparlary tarapyndan jemi 27 sahna oýny görkezildi. Türkmen teatr artistleri festiwalyň çäginde beýleki döwletleriň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler, ara alyp maslahatlaşmalara, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar. Döredijilik duşuşyklarynda türkmen hünärmenleri hem çykyş edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyzda hem-de sirklerimizde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara üstünlikleri barada gürrüň berdiler. Bu çykyşlar wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.
Milli teatr sungatyny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris — diýip, režissýor Baýram Garajaýew gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.
Biz hem A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparyny halkara teatr festiwalynda gazanan üstünligi bilen gutlap, şeýle şowly çykyşlarynyň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.