Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kuala-Lumpurda geçirilen sebitiň iň iri «Offshore Technology Conference Asia» (OTC Asia 2026) atly forumyna gatnaşmagy ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
25 müňden gowrak hünärmeni bir ýere jemlän forumda esasy üns durnukly we integrirlenen energetika ulgamlaryny döretmäge gönükdirildi. «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tengku Muhammet Taufik öz çykyşynda innowasiýalary energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde häsiýetlendirdi. Bu garaýyş türkmen tarapynyň gün tertibi bilen doly sazlaşdy.
«Türkmen Energiýa Forumyň» goldawy bilen wekiliýet agzalary tehnologiýalary ornaşdyrmaga we adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe gepleşikleri geçirdiler. Köp ýyllyk hyzmatdaş — «PETRONAS» kompaniýasy we onuň ylmy-bilim bölümi bolan «Universiti Teknologi PETRONAS» (UTP) bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak esasy ugurlaryň biri boldy. Hususan-da, «CAPE» merkeziniň binýadynda türkmen hünärmenleri üçin hünär kämilleşdiriş boýunça amaly maksatnamalary döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen wekiliýetiniň saparynyň netijesi hökmünde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary Aşgabatda geçiriljek «TESC 2026» we «OGT 2026» forumlaryna çagyryldy. Bu çäreler özara gepleşiklerden sanlylaşdyrmak we deňiz ýalpaklarynda uglewodorod çykarmak ýaly ugurlarda anyk taslamalara geçilmegine ýardam eder.