Türkmenistan 25-27-nji maý aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan sebitinde geçiriljek halkara oba hojalyk tehnikalarynyň sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada «THP» habar berýär.
Bu forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howa şertlerine we oba hojalyk pudagynyň isleglerine uýgunlaşdyrylan innowasion çözgütleri görkezmek üçin iň uly meýdançalaryň biri bolar.
Türkmen hünärmenleriniň esasy ünsi akylly gowaça ýygýan kombaýnlara we ýokary kuwwatly traktorlara gönükdiriler. Sergide öňdebaryjy tehnologiýalar: ekin meýdanlaryna gözegçilik etmek üçin enjamlar, suwy tygşytly ulanmak üçin «Smart-suwaryş» ulgamlary we ekin ekmekden başlap, ösümlikleri dolandyrmaga çenli işleri awtomatlaşdyrmaga ukyply oba hojalyk robotlary görkeziler.
2026-njy ýyldaky serginiň işewürlik maksatnamasy ýöriteleşdirilen B2B meýdançasynyň hasabyna has-da giňär. Türkmenistanyň wekilleri tehnikalary getirmek, olara toplum hyzmatyny guramak we ýeňillikli maliýeleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin öndürijiler bilen göni gepleşikleri geçirip bilerler. «China.com» portalynyň maglumatyna görä, bu foruma gatnaşmak, sebitiň oba hojalyk toplumynyň tehnologik binýadyny berkitmäge we önümçilige döwrebap «akylly» ülňüleri ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.