18-nji iýulda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň barşynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy, şeýle hem sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, gurluşyk işinde nyrh emele getirmek, tokaý hojalygy hem-de tokaý senagaty we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň dowamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny (2021–2025) amala aşyrmak boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ykdysady geňeşiň indiki mejlisini 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.