Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 16-18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçýän bäşinji Daşkent halkara maýa goýum forumynyň (TIIF-2026) işine gatnaşdy.
Forumyň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň we Albaniýanyň Prezidentleri, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň premýer-ministrleri, köp sanly ýurlaryň hökümet agzalary, şeýle hem ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri, halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş Banky, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky, BRICS-iň Täze ösüş banky, Ýewraziýa Ösüş banky we beýleki halkara ösüş institutlarynyň wekilleri gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde energetika pudagyny ösdürmek, ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, sanly ykdysadyýeti we emeli aňy ösdürmek, mineral-çig mal serişdelerini özleşdirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem häzirki zaman maliýe mehanizmlerini we maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň forumyň işine gatnaşmagy Watanymyzyň özara bähbitli sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge yzygiderli gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
