Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) Nebit we gaz metany hyzmatdaşlygy (OGMP) 2.0 maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýyllyk maslahatyna gatnaşdy.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle-de «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri girdi.
Maslahat nebit we gaz pudagyna ýöriteleşen kompaniýalaryň, şeýle hem hökümetleriň we akademiýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Altyn standart hasabatynyň 5-nji derejesini gazanmak maksady bilen, metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça anyk çäreleri geçirmek bu ýerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Bütindünýä bankynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda OGMP 2.0 standartynyň mümkin bolan orny we metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek, hasabat bermek we barlamak (MRV) ulgamyny döretmek üçin teklip edilýän grant taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.