Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Duşanbe şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň giňişleýin mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we beýleki ileri tutulýan ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Esasy üns özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, sebitiň ulag arabaglanyşygyny ýokarlandyrmaga we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirildi.
Türkmen tarapynyň ŞHG-niň mejlisine gatnaşmagy ýurdumyzyň oňyn halkara dialoga, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hemişe ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
