Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň sessiýasyna gatnaşýar

MilliInfo

30-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň esasy dolandyryjy edarasy bolan Baş konferensiýasynyň 43-nji maslahaty öz işine başlady. Forumuň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule gatnaşdy. Türkmen tarapyndan maslahata gatnaşýan wekiliýetine bolsa Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow ýolbaşçylyk edýär.

Bu çärä gatnaşmak üçin 193 ýurduň bäş müňden gowrak wekili Özbegistana geldi. Şolaryň hatarynda döwlet we hökümet ýolbaşçylary, ministrler, alymlar, şeýle hem medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynyň ýolbaşçylary bolup, bu ýerde medeni dialog guralýar, özara düşünişmek esasynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Baş konferensiýanyň çäginde onuň başlygy saýlandy — bu wezipä Bangladeşiň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili jenap Hondker Muhammed Talha mynasyp hasaplanyldy. Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň dolandyryjy edaralarynyň, hökümetara we halkara maksatnamalarynyň ýolbaşçylarynyň saýlawlary guraldy.

28-nji oktýabrda Konferensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň 14-nji Ýaşlar forumy geçirildi. Forumda howanyň üýtgemegine garşy göreş we onuň netijeleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma takmynan 140 ýurtdan gelen 150-den gowrak ýaş lider gatnaşdy.

29-njy oktýabrda bolsa guramanyň agza döwletleriniň ÝUNESKO boýunça milli komissiýalarynyň 12-nji sebitara maslahaty geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň wekili hökmünde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa gatnaşdy.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasy 13-nji noýabra çenli öz işini dowam eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info