Türkmenistanda 2052-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen düýpli resminamany — Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamaga badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowa bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Resminama ýakyn onýyllyklar üçin «Ýol kartasy» bolup hyzmat eder. Strategiýa ýurtda eýýäm döredilen ýokary tehnologiýaly binýada — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän ylmy-kliniki merkezleriň, döwrebap hassahanalaryň we derman senagaty kärhanalarynyň ulgamyna daýanýar.
Şol bir wagtyň özünde hem, lukmançylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, tejribe alyşmaga we Türkmenistanyň ählumumy ylmy diplomatiýanyň işjeň gatnaşyjysy hökmündäki abraýyny berkitmäge aýratyn ähmiýet berler.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Uzak möhletli meýilnamanyň durmuşa ornaşdyrylmagy halkyň saglygyny goramakda netijeliligi üpjün etmäge we ýurduň sebitde lukmançylyk ylmynyň möhüm merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.