Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň tarapdary

MilliInfo

Türkmenistanyň wekiliýeti 29-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Italiýanyň Florensiýa şäherinde ýerleşýän Ýewropa uniwersitetiniň institutynda geçirilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýany kadalaşdyrmak we utgaşdyrmak 2025» (Residential Training on Regulation and Integration of Renewable Energy 2025) atly ýörite okuw seminaryna gatnaşdy.

Çäre Florensiýanyň (Italiýa) Düzgünleşdiriş mekdebiniň (Florence School of Regulations) Ýewropanyň öňdebaryjy guramalary bilen hyzmatdaşlygynda guralyp, dünýäniň dürli sebitlerinden bolan syýasaty öwrenijileri, energetika hünärmenlerini, kadalaşdyryjy guramalaryň wekillerini we tejribeçileri bir ýere jemledi. Okuw seminarynyň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini häzirki zaman elektroenergetika bazarlaryna çykarmagyň we sebit hem halkara ulgamlaryna integrirlemegiň meseleleri boýunça bilimler we öňdebaryjy tejribeler alşyldy.

Ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekillerinden ybarat bolan giň düzüm agzalyk etdi.

Okuw seminarynyň esasy temalary gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň dolandyryşy boýunça halkara tejribäni, auksionlar we şertnamalar boýunça tapawutlylygy (contracts-for-difference), maýa goýum we maliýeleşdiriş modellerini, toruň ösüşi we pudagara hyzmatdaşlygyny hem-de durnukly energiýa geçirijiligini çaltlandyrmagyň gurallary hökmünde innowasion «Power-to-X» tehnologiýalaryny öz içine alýar.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo