Gün energetikasyny ösdürmegiň ýolunda: Türkmenistan, BMGÖM we ÝUNOPS 4,17 million dollarlyk taslama gol çekdi

MilliInfo
Gün energetikasyny ösdürmegiň ýolunda: Türkmenistan, BMGÖM we ÝUNOPS 4,17 million dollarlyk taslama gol çekdi

Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) ýurduň daşky ilatly nokatlarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň, ilkinji nobatda, gün energetikasynyň ösdürilmegine ýardam bermäge hem-de ygtybarly we ekologik taýdan arassa energiýa üpjünçiligine elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen täze bäş ýyllyk taslama gol çekdi.

Gol çekmek dabarasy Antalýa şäherinde (Türkiýe) BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirildi. «Türkmenistanyň daşky ilatly nokatlary üçin energetika geçişini goldamak» taslamasy Ähliumumy ekologiýa gaznasynyň 4,17 million ABŞ dollaryndan gowrak möçberdäki grant serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Taslamany durmuşa geçirmek işi BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi (ÝUNOPS) tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylar.

Bu taslama Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini has giňden ornaşdyrmak üçin institusional, kadalaşdyryjy-hukuk we tehniki binýatlary döretmäge, şeýle hem häzirki wagtda, esasan, dizel generatorlary arkaly elektrik energiýasy bilen üpjün edilýän daşky ilatly ýerlerde gün energiýasyny peýdalanmagyň amaly mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

«Ygtybarly we ekologik taýdan arassa energiýa elýeterliligi giňeltmek — bu adamlaryň abadançylygyna, ýerli jemgyýetleriň durnuklylygyna we Türkmenistanyň durnukly ösüşine goşulýan möhüm goşantdyr. Bu taslama syýasaty kämilleşdirmegi, milli kuwwaty berkitmegi we gün energetikasyna anyk maýa goýumlary birleşdirip, ýurduň gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge bolan meýillerini amaly çözgütlere öwürmek üçin täze mümkinçilikler açýar. Hyzmatdaşlarymyz bilen birlikde biz gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini has giňden ornaşdyrmak, energetika howpsuzlygyny berkitmek hem-de ýerli ilatyň, şol sanda aýallaryň we ilatyň beýleki ejiz toparlarynyň has ygtybarly energetika hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmegini üpjün etmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam bermäge çalyşýarys» diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan belledi.

Daşky ilatly nokatlarda umumy kuwwaty 2 MWt çenli bolan 10-a çenli synag (pilot) gün mini-elektrik stansiýasyny gurnamak we ulanmaga bermek taslamanyň esasy ugurlarynyň biri bolar. Bu görkezme desgalary gün energiýasyny peýdalanmagyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde subut etmäge we ýurduň beýleki sebitlerinde hem gaýtadan dikeldilýän energetika çözgütleriniň ulanylyşyny giňeltmäge esas döreder.

Toplanan tejribäniň esasynda taslama ýene-de 120 sany daşky ilatly ýerde gün energiýa ulgamlaryny ornaşdyrmak mümkinçilikleri boýunça tehniki-ykdysady taýdan bahalandyrmalary geçirmegi we tehniki çözgütleri taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Bu bolsa ýurduň Hökümetine geljekde maýa goýumlary çekmäge we bu tejribäni giňden ýaýratmaga mümkinçilik berer.

Syýasaty işläp taýýarlamak we institusional kuwwaty berkitmek boýunça berilýän goldawy amaly çözgütler hem-de milli hünär derejesini ösdürmek bilen utgaşdyrmak arkaly taslama Türkmenistanyň «ýaşyl» energetika geçmegi üçin has amatly şertleriň döredilmegine ýardam berer. Hususan-da, ol gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda kadalaşdyryjy-hukuk we institusional binýady berkitmäge, şeýle hem okuwlar we hünär derejesini ýokarlandyrmak arkaly milli bilermenler kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Galyberse-de, taslama 2030-njy ýyla çenli Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça milli strategiýada we Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýada kesgitlenen Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energetika we howa işjeňligi babatdaky milli ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Mundan başga-da, ol ýurduň Pariž ylalaşygynyň çägindäki borçnamalaryny ýerine ýetirmegine hem-de 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmegine saldamly goşant goşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info