Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklaryny giňeldýär

MilliInfo

Türkmenistan 2027–2030-njy ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym we tehnologiýa boýunça ösüş maksatlaryna hyzmat edýän Komissiýasynyň düzümine saýlandy. Bu karar BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) guramalarynyň saýlawlarynyň çäginde biragyzdan kabul edildi.

Bu ädim ýurduň innowasiýalar we sanlylaşdyrma ugrunda gazanan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýar. Komissiýanyň işine gatnaşmak Türkmenistana ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk, durnukly ulag we sanly dolandyryş ugurlary boýunça dünýäniň gün tertibine has işjeň täsir etmäge, şeýle hem milli ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin BMG-niň tejribesinden peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info