Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär

MilliInfo
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär

Geçen hepdäniň wakalary halkymyzyň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny garşylamaga barýan ýolundaky täze ýeňişleriniň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Sebit düzümleriniň, hususan-da, «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Söwda-ykdysady, şol sanda energetika, ulag-logistika ýaly strategik ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde bellenildi. Bu ugurda tagallalary utgaşdyrmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine uly orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.

15-nji iýulda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde çykyş etmek bilen, öňde durýan möhüm çärelere taýýarlyk görmek, ýokary zähmet üstünliklerini gazanan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça degişli işleri alyp barmak meselelerine ünsi çekdi. Şeýle-de milli atçylyk sungatymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanan üstünlikleri barada aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, degişli ýolbaşçylaryň netijeli işleri amala aşyrmalydyklaryny nygtady. Ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek, täze önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek, täze iş orunlaryny döretmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ýaşlar syýasatyny ösdürmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek bu ugurdaky syýasatyň esasy maksatlarydyr. Şunuň bilen bir hatarda, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, derman senagaty pudagyny ösdürmek, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma, oba hojalyk pudaklaryny kämilleşdirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir.

Geçen hepdede Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen «Gahryman Arkadagyň ak ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly wagyz-nesihat maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýan wezipelerine garaldy. Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda bolsa Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen nurana metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu ugurdaky bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi mynasybetli toý sadakasy berildi.

16-17-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Gruziýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail Kawelaşwiliniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Onda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, hususan-da, Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça «Hazar deňzi — Gara deňiz» ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyjy goldamaga aýratyn üns berildi. Parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şol bir wagtyň özünde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň netijeleri barada 18-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde-de aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň giň toplumyna seredildi. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ädim boldy. Şunuň bilen bir hatarda, Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda täze tapgyry alamatlandyrdy.

Mejlisiň dowamynda seredilen döwlet durmuşynyň beýleki meseleleriniň hatarynda milli kanunçylygy, hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, milli deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ýaly ugurlar bar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan öňdengörüjilikli syýasatyny yzygiderli amala aşyrmaga ygrarlydygyny görkezýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info