Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden belleniler

MilliInfo

10 Maý, 2026

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden belleniler

Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk bilen birlikde, Esasy Kanunymyz hem-de döwlet nyşanlarymyz türkmen halkynyň döwletliligini, onuň gymmatlyklaryny, maksatlaryny, wezipelerini hem-de döwlet syýasatynyň ugurlaryny şöhlelendirýär.

Türkmenistanda Konstitusiýa milli hukuk ulgamyny berkitmekde aýratyn möhüm orun eýeleýär. Ösüşiň täze tapgyrynyň kanunçylyk binýady 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda geçirilen konstitusion özgertmeler arkaly pugtalandyryldy. Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Esasy Kanunymyzdada berkidilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji başlangyçlaryň öňbaşçysy hökmünde ykrar edilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.

18-nji maý milletiň bitewüligini we jebisligini alamatlandyrýan, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hem-de adalatly raýat jemgyýeti baradaky garaýyşlaryny şöhlelendirýän senedir. Konstitusiýa bolsa üstünliklerimiziň, abadançylygymyzyň we özygtyýarlylygymyzyň ygtybarly daýanjydyr. «Adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr» diýen konstitusion ýörelge biziň syýasatymyzyň we «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarymyzyň esasyny düzýär. Şeýle hem bu ýörelge Garaşsyz Watanymyzyň ösüş we rowaçlyk ýolunda öňe gitmeginiň, mizemez jebisligiň we agzybirligiň güýç çeşmesidir.

Her ýyl 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän çärelere ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Dabaralara Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we halkara guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk konsertleri we medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info