«Türkmenistan.Sport» teleýaýlymy we «Turkmentv.gov.tm» saýty futbol baýramçylygynyň duşuşyklaryny göni efirde hödürleýär

MilliInfo

11 Iýun, 2026

«Türkmenistan.Sport» teleýaýlymy we «Turkmentv.gov.tm» saýty futbol baýramçylygynyň duşuşyklaryny göni efirde hödürleýär

Üns beriň, üns beriň! Futbol janköýerleri üçin iki sany diýseň möhüm täzeligimiz bar!

Birinji täzeligimiz: Ýurdumyzyň «Türkmenistan.Sport» teleýaýlymy şu agşam başlanýan futbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli duşuşyklaryny göni efirde görkezer.

Ikinji täzeligimiz has hem gyzykly: Siz duşuşyklaryň dowam edýän wagtynda ýolda ýa-da telewizorsyz ýerde bolsaňyz hem oýunlara göni efirde tomaşa bilersiňiz. Çünki «Turkmentv.gov.tm» saýty smartfonyňyzda, planşetleriňizde ýa-da noutbuklaryňyzda dörtýyllygyň iň uly futbol baýramçylygynyň oýunlaryna onlaýn tertibinde tomaşa etmek mümkinçilgini hödürleýär. Garaz, siz duşuşyklary tölegsiz ýagdaýda göni efirde görüp bilersiňiz. Munuň üçin diňe smartfonyňyzy internete birikdirmek ýeterlik.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy Aşgabat wagty bilen sagat 22:40-da başlanýar.


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info