Türkmenistan — Täjigistan: parlamentara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

MilliInfo

20-nji awgustda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçisi A.Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Namoýandagon Oli Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomoli Rahmonyň oýlanyşykly başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda yzygiderli giňeldilýän Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar ösüşiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli halkara platformasyna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilendigini bellediler. Türkmen tarapy parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga möhüm goşant goşan maslahatyň, şol sanda Parlament forumynyň işine täjik parlamentarileriniň işjeň we netijeli gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tejribe alyşmaga, häzirki sebit we halkara meseleler boýunça ylalaşylan pozisiýalary ösdürmäge we halkara bileleşiginde birek-biregiň döredijilik başlangyçlaryny goldamaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Taraplar parlament mehanizmleriniň çäginde, şol sanda parlament dostluk toparlarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň üsti bilen özara gatnaşyklary giňeltmek babatynda netijeli tagallalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo