Türkmenistan Samarkantda geçýän emeli aň boýunça halkara foruma gatnaşýar

MilliInfo

8 Awgust, 2025

7-nji we 8-nji awgustda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlarda emeli aň tehnologiýalarynyň ösdürilmegine bagyşlanan halkara forum geçirilýär. Bu barada «MIR 24» habar berýär.

Foruma Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlardan 100-den gowrak hünärmen we IT kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalarynyň ykdysadyýete, jemgyýetçilik ulgamyna we döwlet dolandyryşyna ornaşdyrylmagy bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Geçirilen gepleşikleriň netijesinde birnäçe ikitaraplaýyn we köpugurly hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň baglaşylmagyna garaşylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo