Serhetde jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara garşy çärelere bagyşlanan maslahat geçirildi

MilliInfo

13 Awgust, 2026

Serhetde jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olara garşy çärelere bagyşlanan maslahat geçirildi

Ýurdumyzyň giriş nokatlarynda jemgyýetçilik saglygyny goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyň we olara garşy çäre görmegiň milli ulgamyny berkitmegi dowam etdirýär diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de BSGG-niň ýurt boýunça edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şu meselä bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň, Goranmak, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet gümrük, migrasiýa we serhet gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar giriş nokatlarynda jemgyýetçilik saglygyny goraýyş ulgamyndaky adatdan daşary ýagdaýlar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny maslahatlaşdylar we kämilleşdirdiler, şeýle hem degişli milli mehanizmlerini berkitmegiň gidişine seretdiler. Serhetde şeýle ýagdaýlara ylalaşykly çäre görmek üçin standart operasiýa proseduralaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň maksady Halkara lukmançylyk-sanitariýa düzgünnamasynyň (HLSD) talaplaryna laýyklykda giriş nokatlarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine maslahat we tehniki goldaw bermekden ybarat boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info