Türkmenistanda giň gerimli halkara forum — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirilýär. Çäre 30-dan gowrak ýurduň wekillerini we dünýäniň dürli künjeklerinden bolan delegatlary bir ýere jemledi.
Bu maslahatda çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnuklylygyna we ösüşe ymtylyşyna ünsi çekdi, şeýle hem özara düşünişmegiň, ynamyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň esasynda halkara dialogyny giňeltmegiň hem-de tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
«Döwletleriň, halkara guramalarynyň we ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň bilelikdäki tagallalarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn» — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň başlygy, jenap Filemon Ýang mähirli garşylanandygy we forumyň ýokary derejede guralandygy üçin Halk Maslahaty Başlygyna, ýurdumyzyň Hökümetine we Türkmenistanyň halkyna minnetdarlyk bildirdi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň özboluşly ornuny, şeýle hem ýurduň sebit we global parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki möhüm goşandyny belläp geçdi.
Jenap Ýang türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Dialog parahatçylygyň kepili» diýen başlangyjynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.
Maslahatyň barşynda durnukly ösüşi çaltlandyrmaga we 570 milliondan gowrak adamyň ýaşaýan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ilatynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn meýilnama — «Hereketleri Awaza maksatnamasy» hödürlendi.

