Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça kadastry ýöretmegiň täze düzgünleri tassyklanyldy.

MilliInfo

Türkmenistanyň Energetika ministrligi «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (GDEÇ) boýunça döwlet kadastryny ýöretmegiň we onuň maglumatlaryny ulanmagyň Tertibini» tassyklady. Bu resminama ýurduň GDEÇ ugrundaky mümkinçiliklerini yzygiderli seljermek üçin milli maglumat binýadynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Bu kadastr GDEÇ boýunça mümkinçiligi bolan we eýýäm hereket edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleri, olaryň goýlan kuwwaty, ýyllyk elektrik önümçiligi hem-de administratiw sebitler boýunça öndürijiler baradaky maglumatlary öz içine alýan merkezleşdirilen maglumat ulgamy bolar. Şeýle hem bu ulgama ulanylýan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň görnüşleri baradaky maglumatlar giriziler.

Ulgam döwlet we sebit derejesindäki gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (GDEÇ) boýunça maksatnamalaryň taýýarlanylmagyna, elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde elýeterliligiň agyr sebitlerinde energiýa üpjünçiligine, hapalaýjy serişdeleriň zyňyndylarynyň azalmagyny çaklamaga hem-de bu ugra maýa goýumlary çekmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Resminama Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetiki arabaglanyşyklar» (SECCA) taslamasynyň goldawy bilen taýýarlanyldy. Kadastr maglumatlary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň resmi saýtynda elektron görnüşde, şeýle-de kağyz nusgasynda ýörediler. Maglumatlar yzygiderli täzelenip, giň jemgyýetçilige açyk bolar, emma kanunçylyk bilen çäklendirilýän maglumatlar muňa degişli däldir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo