2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen biržanyň haryt dolanyşygynyň ösüş depgini boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) girýän ýurtlaryň arasynda iň ýokary görkezijini görkezdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 360 %-e ýetdi. Bu barada Belarus uniwersal haryt biržasynyň (BUHB) başlygynyň kömekçisi Aleksandr Başliý Minskde GDA ýurtlarynyň diplomatik korpusy bilen geçirilen duşuşykda habar berdi.
Deňeşdirmek üçin bellesek, Gazagystanyň degişli görkezijisi 139 %-e, Täjigistanyňky bolsa 308 %-e deň boldy. Şunda BUHB meýdançalary arkaly edilýän ähli eksportyň, takmynan 70 %-i GDA bazarynyň paýyna düşýär.
Sebitdäki söwda gatnaşyjylarynyň arasynda uly islegden peýdalanýan harytlar: gury süýt, sary ýag, agaç önümleri, et önümleri, süýüm we raps ýagy boldy.
Belarus biržasynyň we Belarus söwda-senagat edarasynyň wekilleri işewür toparlara hem-de diplomatik wekilhanalara akkreditasiýa etmekde, harytlaryň gelip çykyşyny tassyklamakda we howpsuz hasaplaşyklary üpjün etmekde kömek bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
