Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk eder

MilliInfo
Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk eder

Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDC) toparynyň başlyklygyna biragyzdan saýlandy. Bu baradaky çözgüt Nýu-Ýorkda agza döwletleriň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri tarapyndan kabul edildi.

Ýurduň ygtyýarlyklary 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýar. Sebitler boýunça toparyň ýolbaşçy düzümine, şeýle hem Azerbaýjan (başlygyň orunbasary), Laos, Burundi, Çad, Ruanda we Paragwaý girdi.

Ýolbaşçy býuronyň gutarnykly düzümi 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek LLDC-niň ministrler derejesindäki duşuşygynyň jemleýji jarnamasynda belleniler.

Iki ýylyň dowamynda Türkmenistan dünýäniň 32 döwletiniň garaýyşlaryna wekilçilik edip, ulag we energetika arabaglanyşygy meselelerini öňe sürer. Şeýle hem ýurt 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

2026-njy ýylyň noýabr–dekabr aýlarynda BMG-niň OHRLLS müdiriýeti (Iň az ösen ýurtlar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we kiçi ada görnüşindäki ösüp barýan döwletler boýunça Ýokary wekiliň diwany) bilen bilelikde ygtyýarlyk döwri üçin çäreleriň resmi meýilnamasy taýýarlanylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info