Türkmenistanyň süýji üljesiniň (çereşnýa) tagamyny indi Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýaşaýjylary hem baha bererler. Ýurdumyzyň daýhanlary bu miweli ösümligi yssy howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny özleşdirdiler we eýýäm senagat derejesine çykardylar. Bu önüm ilkinji gezek eksporta ugradylar diýip, «MIR 24» telekanaly habar berýär.
Russiýanyň bazarlarynda süýji üljäniň görnüşi örän köp. Ol ýerde Krasnodar ülkesinden, Dagystandan, Rostow oblastyndan getirilen ýerli önümler bilen bir hatarda, Türkiýeden we Özbegistandan eksport edilýän miweler hem bar. Indi bolsa olaryň hataryna Türkmenistanyň önümleri hem goşular. Türkmen süýji üljesiniň bal ýaly tagamlydygy aýdylýar — sebäbi olar aşa yssy howada ýetişdirilýär.
Ýygymçylar miweli gaplary daşap ýetişmeýärler. Aşgabadyň 140 kilometr günorta-gündogarynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bagçylyk toplumynyň ýüz gektar meýdanynda süýji üljeleriň nobatdaky tapgyry ýetişdi. Bu miweli ekin Türkmenistan üçin täze bolup, ýerli daýhanlar ony ösdürip ýetişdirmegiň ähli tärlerini özleşdirmeli boldular.
Umuman, süýji ülje bagçylykdaky iň çylşyrymly ekinleriň biridir. Ol yssyny halamaýar, ýygnalansoň bolsa çalt zaýalanýar. Bag döwrebap suwaryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylýar, agaçlar bolsa wagtynda düýpli ideg edilýär.
Süýji ülje ýygnalan badyna ýörite miwe saklanýan sowadyjy ammarlara ýerleşdirilýär. Bu bolsa miwäniň zaýalanmagynyň öňüni almaga kömek edýär. Şundan soň miweler ölçeglerine görä saýlanýar, sortlara bölünýär we gaplanylýar.
«Biz günde 16 tonnadan 20 tonna çenli miwäni gaýtadan işleýäris. Gaplanylandan soň, önümler uzak wagtlap saklanýan sowadyjy kameralara ýerleşdirilýär, biz bolsa olary şol ýerden içki we daşky bazarlara ugradýarys» diýip, bagçylyk toplumynyň sowadyjy ammar boýunça baş hünärmeni Aman Myradow düşündirdi.
Ýaňy-ýakynda bu ýerden Russiýa, Gazagystana we Gruziýa 300 tonnadan gowrak alma eksport edildi. Indi bolsa gezek süýji üljä geldi. Ol şu ýyl ilkinji gezek Arkalaşygyň ýurtlaryna iberiler.
