Türkmenistan ilkinji gezek Singapurda geçen «Copernicus» matematika olimpiadasyna gatnaşdy we 6 medal gazandy

MilliInfo

17 sagat öň

Türkmenistan ilkinji gezek Singapurda geçen «Copernicus» matematika olimpiadasyna gatnaşdy we 6 medal gazandy

22-nji iýun — 27-nji iýun aralygynda Singapurda VII Halkara «Copernicus» matematika olimpiadasynyň ählumumy tapgyry geçirildi. 13-den gowrak döwletiň gatnaşyjylaryny birleşdiren bu abraýly intellektual bäsleşige taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşdy.

Ilkinji gezek gatnaşan ýaş zehinlerimiziň synanyşyklary uly üstünlik bilen tamamlandy: türkmen toparynyň baýrak gaznasyna jemi 6 medal — 1 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal goşuldy.

Mary şäheriniň «Belent Bilim» okuw merkeziniň wekili Aýjeren Muhammetnazarowa ýaryşyň doly ýeňijisi boldy. Ol diňe bir altyn medal gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, öz ýaş toparynda (5-nji dereje) «Absolute Winner» diýen iň ýokary derejä hem mynasyp boldy we ýörite baýrak hökmünde «MacBook Air» kompýuteri bilen sylaglandy.

Beýleki gatnaşyjylar hem ýurdumyzyň abraýyny mynasyp goradylar. Dawut Muhammetnazarow («Belent Bilim» OM, Mary ş.), Geldimyrat Saryýew (135-nji mekdep, Aşgabat ş.) we Emirmuhammet Sabyrow (35-nji mekdep, Hazar ş., Balkan welaýaty) kümüş medallara mynasyp boldular. Paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary Ahmet Bagtyýarow (135-nji mekdep) we Melike Begliýewa (97-nji mekdep) bolsa ýygyndy toparymyza bürünç medallary getirdiler.

«Copernicus» olimpiadasy adatça özboluşly pikirlenmegi, logikany we çylşyrymly meseleleri çözmegiň tizligini görkezmek üçin abraýly meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň ýaş zehinleri üçin bu üstünlik diňe bir uly buýsanç bolman, eýsem, täze ylmy sepgitlere ýol açýan bahasyna ýetip bolmajak tejribedir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info