Türkmenistan dopinge garşy göreşiň umumy mehanizmlerini kämilleşdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär

MilliInfo

Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 20 — 22-nji oktýabr aralygynda geçirilýän Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasynyň Taraplarynyň Maslahatynyň 10-njy sessiýasyna (COP10) gatnaşýar.

Wekiliýete Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Ş.Seräýew hem-de Türkmenistanyň Dopinge garşy göreşmek boýunça milli agentliginiň başlygy L.Artykowa agzalyk edýär.

Sessiýanyň gün tertibine Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabatlar, Sportda dopingi aradan aýyrmak boýunça gaznanyň işi, halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini kämilleşdirmek meseleleri, şeýle hem bilim, öňüni alyş we dopinge garşy göreş gymmatlyklaryny wagyz etmek babatynda döwletleriň mümkinçiliklerini berkitmek ýaly giň ugurlar girizildi.

Konwensiýanyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý sessiýa gatnaşyjy döwletleriň we halkara guramalarynyň wekillerini hem-de degişli ugur boýunça bilermenleri sportda arassalygy we aç-açanlygy üpjün etmek, dopinge garşy göreşmek bilimini ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi.

Mejlisleriň dowamynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Konwensiýanyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady hem-de ÝUNESKO-nyň sportuň dopingden arassalygyny goramak we dopinge garşy göreşiň halkara mehanizmlerini kämilleşdirmek ugrunda edýän tagallalaryna goldawyny bildirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo